TALYBYMYZYŇ ŞÖHRATLY ÝEŇIŞI

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Aýnanyň we sitallaryň himiki tehnologiýasy” hünäriniň 3-nji ýyl talyby Mekan Nurberdiýew sportda uly üstünlik gazandy. Ol 2026-njy ýylyň 12-14-nji apreli aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen guşakly göreş boýunça Aziýa çempionatynda 80 kg agram derejesinde bäsleşip, altyn medala — 1-nji orna mynasyp boldy. Bu şöhratly ýeňiş ýurdumyzyň sport abraýynyň halkara derejesinde has-da belende göterilmegine mynasyp goşant goşdy.