Ylymly ýaşlar kämilligiň gözbaşydyr

Türkmenistanyň Bilim ministriniň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidentiniň 2024-nji ýylyň 23-nji fewralynda çykaran bilelikdäki 15/56 belgili buýrugy bilen tassyklanan “Ýokary hünär bilimi edarasynda ylmy çäreleri geçirmegiň Tertibine” laýyklykda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy” kafedrasynyň guramagynda 2026-njy ýylyň 27-nji aprelinde “Ylymly ýaşlar kämilligiň gözbaşydyr” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Bu ylmy- amaly maslahatyna fakultetiň ähli professor-mugallymlary we talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar.