Türkmenistanyň woleýbol boýunça talyplar ýygyndy topary Buhara şäherinde (Özbegistan Respublikasy) oktýabr aýynyň 14-22-si aralygynda geçen sportuň woleýbol görnüşi boýunça “CAVE Men’sWomen’s Students volleybol championship 2025” atly halkara ýarşyna gatnaşyp Türkmenistanyň woleýbol boýunça oglanlar hem-de gyzlar talyplar ýygyndy topary Hormatly 2-nji orna mynasyp boldular.
Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk inistitutynyň talyplary Öwetdiýewa Aýgül, Gurbanow Hemra, Begenjow Nedir hem-de esasy bellemeli zatlaryň biri şol institutymyzyň 3-nji ýyl talyby Muhammedow Rahym iň ökde oýunçy adyna mynasyp bolandygy bizi has hem buýsandyrýar we begendirýär.