HIMIÝA TEHNOLOGIÝASY FAKULTETINIŇ INSTITUTYMYZYŇ TÄZE BINALAR TOPLUMYNA GURNAN GÖÇME OKUWY SAPAGY
31-10-2025
2518
Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň professor-mugallymlarynyň we “Organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy” kafedrasynyň “Aýnanyň we sitallaryň himiki tehnologiýasy” hünäriniň 1-nji ýyl talyplarynyň gatnaşmagynda 2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 31-ne Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Ajaýyp-gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan gurluşygy alnyp barylýan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşyk meýdançasynda göçme okuw sapagy geçirildi. Göçme okuw sapagynyň dowamynda talyplara gurluşykda ulanylýan gurluşyk materiallarynyň görnüşleri, olaryň laýyk gelýän standartlary, gurluşykda ulanylýan berkidiji materiallaryň taýýarlanylyşy, himiýa tejribehanalarynyň gurluşygyndaky aýratynlyklary barada düşündiriş işleri geçirildi.