Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly mynasybetli institutymyzyň talyp ýaşlarynyň arasynda sport bäsleşigi geçirildi
08-11-2025
609
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatyny durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen, 2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 6-syna institudymyzda bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda sportuň Armrestling (el göreşi), Tanap çekmek hem-de Giregötermek görnüşlerinden fakultetara ýaryşlar diýseň çekeleşikli geçerildi. Sport ýaryşlarynyň netijesinde aşakdaky fakultetler baýrakly orunlara mynasyp boldular :
Inžener-mehanika fakulteti - I orun
Himiýa tehnologiýasy fakulteti - II orun
Raýat goranyş fakulteti - III orun
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary we talyp ýaşlary köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýändikleri üçin, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çäksiz sagbolsunlaryny aýdýarlar.