HALKARA FILOSOFIÝA BOÝUNÇA II INTERNET DERS BÄSLEŞIGINDE INSTITUTYŇ TALYPLARYNYŇ GAZANAN ÜSTÜNLIKLERI
12-11-2025
619
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti 2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 20-24-i aralygynda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda internet arkaly Halkara filosofiýa olimpiadasyny geçirdi.
Bu olimpiada Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyp ýaşlary hem “B” kategoriýada gatnaşyp:
Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň 1-nji ýyl talyplary
Daýanç Akmämmedow II orun kümüş medala,
Güljennet Waliýewa III orun bürünç medala,
Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyplary
Çaryberdi Akyýew III orun bürünç medala,
Sahawat Garryjaýew II orun kümüş medala,
Inžener-mehanika fakultetiniň 3-nji ýyl talyby
Atanepes Atagulyýew II orun kümüş medala mynasyp boldular.