TÜRKMEN - HINDI OKUW-ÖNÜMÇILIK MERKEZINDE ÖNÜMÇILIK BILEN BAGLY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
17-11-2025
606
2025-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika fakultetiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda Türkmen - hindi okuw-önümçilik merkezinde okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyň dowamynda elektroeroz enjamy (EDM), sim bilen kesiji elektroeroz enjamy (wire EDM), tokar, frezerly işleriniň we kebşirleýiş enjamlarynyň işleýiş düzgünleri bilen giňden tanyşdyrdylar. Sapakda mugallymlar we talyplar özara sorag-jogap alyşyp, döwrebap tehnologiýalary yzygiderli özleşdirip sapagy üstünlikli tamamladylar.