Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýan talyplaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň aprel aýynyň 13-ine Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Diller” kafedrasynyň uly mugallymlary Kümüş Allabaýewa, Amangül Jumadowa, mugallym Bägül Annanepesowatarapyndan institutymyzyň 1-nji, 2-nji we 3-nji umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýan talyplaryň arasynda “Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň dürli usullary we olaryň netijeliligi” atly wagyz-nesihat duşuşyklary geçirildi.  

Hä­zir­ki dö­wür­de da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni bil­mek şah­sy hem-de hü­när de­re­je­sin­de üs­tün­lik ga­zan­ma­gyň mö­hüm şert­le­ri­niň bi­ri­dir. Dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti, yl­my-teh­ni­ki hyz­mat­daş­lyk we hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry gi­ňel­di­gi­çe, da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ret­me­giň döw­re­bap we ne­ti­je­li usul­la­ry­ny or­naş­dyr­mak ze­rur­ly­gy art­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, okuw-usu­ly­ýet tej­ri­be­si­niň hal­ka­ra stan­dart­la­ra la­ýyk kä­mil­leş­di­ril­me­gi döw­let de­re­je­sin­dä­ki mö­hüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Da­şa­ry ýurt di­li­ni öw­ret­me­giň baş mak­sa­dy – ýaş­la­ryň dil ün­sü­ni ös­dür­mek, dil­le­ri di­ňe gram­ma­tik taý­dan däl, eý­sem, kom­mu­ni­ka­tiw taý­dan hem do­ly de­re­je­de ulan­ma­gy ba­şar­mak­la­ry­ny üp­jün et­mek­dir. Şeý­le­lik­de, da­şa­ry ýurt di­li­niň öw­re­dil­me­gi­ne ara­gat­na­şy­gyň we me­de­ni gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm bö­le­gi hök­mün­de ga­ral­ýar.