2026-njy ýylyň 7-nji aprelinde “Ahalteke bedewi- Garaşsyz Watanymyzyň täze üstünliklere tarap batly gadamynyň nyşany” atly temada paýtagtymyzyň 116-njy orta mekdebiniň uçurymlary bilen TDBGI-niň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň JÖÝ kafedrasynyň uly mugallymlary Z.Orazowa bilen O.Berdiýewanyň gatnaşmagynda halypa-şägirt duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň 2026-njy ýylyň –bedew ýylynyň aýratyn ähmiýete eýedigi, halkymyzyň köp asyrlyk taryhynda ahalteke bedewlerine uly ornuň degişlidigi baradaky pähimlerinden, şeýle hem halk wekillerinden, raýatlardan gelip gowşan teklipleriň esasynda 2026-njy ýylyň “ Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at--myradyň mekany ýyly”-diýip yglan edilendigi we onuň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysynda Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň ähli ugurlarda örän uly, beýik işleriň durmuşa geçirilýän ýyllarynyň biri boljakdygy bellenildi.
2026-njy ýylyň parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmek,sebitleýin we ählumumy derejede ysnyşykly diology, netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin umumy tagallalary birleşdirmek babatynda halkara ähmiýetli möhüm wakalara baý boljakdygy, şolaryň hatarynda ýurdumyzyň baş baýramy - Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýynyň, ýurdumyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 8-nji konsultatiw duşuşygynyň geçiriljekdigi, şeýle hem, 2026-njy ýylda Türkmenistan döwletimiziň GDA döwletlerine Baştutanlyk edip,GDA-nyň Döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigi barada buýsançly maglumatlar habar berildi.