Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň gutardyş synp okuwçylarynyň arasynda “Himiýa” ders bäsleşiginiň II tapgyry Aşgabat şäheri, Arkadag şäheri, we Ahal welaýaty boýunça Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde öňümizde goýan baş wezipelerini durmuşa geçirmek, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň hem-de tebigy we takyk ylmy ugurlaryna degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň guramagynda 2026-njy ýylyň 29-njy aprelinde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň gutardyş synp okuwçylarynyň arasynda “Himiýa” ders bäsleşiginiň II tapgyry Aşgabat şäheri, Arkadag şäheri, we Ahal welaýaty boýunça Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda we Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlary boýunça welaýat merkezlerinde ýörite bellenilen bilim edaralarynda gatnaşmak usulynda geçirildi.

Bu bäsleşige ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň gutardyş synp okuwçylarynyň arasynda ders  bäsleşikleriniň I tapgyrynda ýokary netijeleri görkezen okuwçylar işjeň gatnaşdylar.