2026 – njy ýylyň aprel aýynyň 30 – na Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ilkinji Zenanlar guramasynyň gurnamagynda institutyň Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň mugallymlarynyň we talyp gyzlarynyň gatnaşmagynda Türkmen halysynyň milli muzeýine gezelenç gurnaldy. Gezelenjiň dowamynda muzeý gymmatlyklary we türkmen halkymyzyň milli mirasy hakynda muzeýiň işgärleri tarapyndan giňişleýin beýan edildi. Muzeýdäki görkezilen türkmen halylar – gözelligiň we beýik sungatyň nusgasydygyny, türkmen halylar – türkmen halkynyň müňýyllyk taryhyny, medeniýetini we ruhy dünýäsini özünde jemleýän nepis sungat eseridir. Bu gymmatlyklar talyp gyzlarda uly täsir galdyrdy. Milli mirasymyzy öwrenmäge we kämilleşdirmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan il – ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin.
Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň
ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy
Arzygül Annagulyýewa