Inžener-mehanika fakultetinde “SCADA ulgamlary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

2026-njy ýylyň 24-nji martynda Inžener-mehanika fakultetinde mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda “SCADA ulgamlary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda häzirki wagtda awtomatlaşdyrmakda esasy ulgamlaryň biri bolan SCADA, ýagny terjime edilende gözegçilik ediji dolandyryş we maglumat ýygnamak barada giňişleýin gürrüň edildi.


TDBGI


SCADA — bu senagatdaky dürli prosesleri hakyky wagtda gözegçilikde saklamak, maglumat ýygnamak we dolandyrmak üçin ulanylýan programma-enjam toplumy bolup:

  • onuň esasy maksady proseslerde adam faktoryny azaltmak;
  • işiň ygtybarlygyny ýokarlandyrmak;
  • ýüze çykýan meseleler barada habar bermek;
  • ol ýalňyşlary wagtynda düzetmekden we başga-da birnäçe meselelerden ybaratdyr.

TDBGI


Şeýle hem maslahatyň dowamynda awtomatlaşdyrmakda sanly ulgam bilen bagly operatoryň ulgam bilen aragatnaşyk gurýan ekrany, desgalardaky datçiklerden maglumat ýygnaýan we buýruklary ýerine ýetirýän enjamlar ýaly esasy umumy düşünjeleriň üstünde durulyp geçildi we kiçi gurluşly maketleriň üsti bilen bu ulgamlaryň ornaşdyrylyşy barada özara pikir alyşyldy. 


TDBGI