Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň “Kärhanalarda ykdysadyýet we dolandyryş” kafedrasynyň “Gurluşygyň ykdysatçysy” atly ylmy gurnagynda “Sanlaşdyrmak ulgamy arkaly gurluşyk kärhananyň tehniki-ykdysady görkezijileriniň ykdysady netijeliligini ösdürmekligiň ýollaryny seljermek” atly tema bilen sapak geçirildi.
Gurnagyň esasy maksady gurluşyk pudagynda diňe bir binalary dikeltmekde, giň dünýä garaýyşly talyplary ýetişdirmekde, çenlikleri hasaplamakda, ykdysady taýdan bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmakda uly ýardamçy bolup durýar. Gurluşyk ykdysatçysy gurnagynyň esasy wezipesi — çykdajylary azaltmak we täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak arkaly kärhananyň girdejiligini artdyrmakdan ybaratdyr.
Gurluşykda täze materiallaryň (meselem, nanotehnologiýalar) ulanylmagy diňe bir gurluşygyň hilini däl, eýsem onuň uzak möhletleýin ykdysady netijeliligini hem ýokarlandyrýar. Bu bolsa goşmaça maliýe serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik berýär.
Gurnakda talyplara taslamalary meýilleşdirmekde we resminama dolanyşygynda sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagy wagty tygşytlamaklygy we adam faktory bilen bagly ýalňyşlyklary azaltmaklygy, ykdysady görkezijileriň durnukly saklamaklygy öwredilýär.
Kärhananyň ykdysady ösüşi onuň innowasiýa ukybyna baglydyr. Täzeçillik strategiýasyny saýlap almak arkaly kärhana bazarda öz ornuny berkidip, maýa goýujylar üçin özüne çekiji bolup durýar.
Gurluşygyň ykdysatçysy gurnakda gurluşyk pudagynda ykdysady üstünlik gazanmak üçin innowasion çözgütleriň we ylmy esaslandyrylan dolandyryş usullaryň sazlaşygyny, kärhananyň maliýe durnuklylygyny saklamakda birnäçe ýollaryny saýlap almaklyk boýunça işler alnyp barylýar.