2026-njy ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylmagyna bagyşlanyp, Inžener-mehanika fakultetiniň “Tehnologik maşynlar we enjamlar” kafedrasy tarapyndan “Kebşirläp galyň gat ýazmagyň görnüşi” atly tema boýunça onlaýn görnüşde okuw seminary geçirildi.

Seminaryň dowamynda kebşirläp galyň gat ýazmagyň esasy aýratynlyklary, onuň önümçilikde ulanylyşy, tehniki talaplary we ýerine ýetiriliş usullary barada giňişleýin çykyşlar edildi.
Çykyş edenler tarapyndan täzeçil çemeleşmeler, innowasion usullar hem-de häzirki zaman enjamlarynyň mümkinçilikleri barada maglumatlar berildi. Gat ýazmagyň hili, ygtybarlylygy we ykdysady taýdan netijeliligi boýunça mysallar arkaly düşündirişler alnyp baryldy.
Geçirilen onlaýn seminara Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň mugallymlary işjeň gatnaşdylar. Gatnaşyjylar tarapyndan tema degişli gyzykly sowallar berildi hem-de özara tejribeler paýlaşyldy.
Seminaryň ahyrynda esasy netijeler jemlenilip, geljekde bu ugur boýunça ylmy-barlag işlerini dowam etdirmek, tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça teklipler öňe sürüldi.
