Sagdyn millet — Galkynyşyň täze eýýamynda Watanyň kuwwatydyr!
01-04-2026
144
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýunyň bellenjek “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda bedenterbiýe we sport hereketleri giňden ýaýbaňlandyrylýar.
Ýaşlaryň bilimli-ylymly bolmagyny gazanmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we ýaş nesliň arasynda sport endiklerini ösdürmek bu ugurdaky işleriň esasy maksady bolup durýar.
Şu maksat bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Talyplar sport klubynyň bilelikde gurnamagynda, 2026-njy ýylyň 31-nji martynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Sport saglygyň — girewidir” atly aýdym-sazly, sport-görkezme çykyşly dabara geçirildi.
Baba Myratberdiýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy