Ýol gurluşygy fakultetiniň talyplary önümçilik tejribesini özleşdirýärler
02-04-2026
15
Talyplaryň nazarýetde alan bilimlerini önümçilik bilen baglanyşdyryp geçmek maksady bilen, 2026-njy ýylyň 28-nji martynda Türkmen döwlet-binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda Aşgabat şäheriniň 8-nji kiçi etrapçasynyň çäginde gurluşygy alnyp barylýan Işewürlik merkeziniň gurluşyk meýdançasynda göçme okuw sapagy geçirdiler.
Talyplar binanyň düýbünden başlap gurluşynyň esasy tapgyrlary, gurluşykda ulanylýan täze materiallar, inženerçilik ulgamlary we howpsuzlyk kadalary bilen tanyş boldular.
Göçme okuw sapagynyň dowamynda talyp ýaşlar gurluşyk meýdançasynda degişli hünärmenler bilen özara pikir alyşdylar.