“Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly halkara sergisi geçirildi

2026-njy ýylyň 2–4-nji apreli aralygynda Aşgabadyň Çandybil şaýolunda ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly telekeçileriň we işewür toparlaryň halkara sergisi ýokary derejede geçirildi.


TDBGI


Bu sergi ýurduň işewürlik gurşawyny ösdürmek, telekeçiligi goldamak hem-de halkara hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen guraldy. Çärä ýerli we daşary ýurt kompaniýalary, telekeçiler, hünärmenler, şeýle-de ýaşlar giňden gatnaşdylar.


TDBGI


2026-njy ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binagärlik-gurluşyk fakultetiniň binagärlik kafedrasynyň mugallymlary we talyplary göçme okuw sapagy görnüşinde sergä işjeň gatnaşdylar. Olar sergide görkezilen häzirki zaman binagärlik çözgütleri, gurluşyk tehnologiýalary we innowasion taslamalar bilen giňişleýin tanyşdylar.


TDBGI


Serginiň dowamynda gatnaşyjylar öz taslamalaryny we gazanan üstünliklerini tanyşdyrmak, tejribe alyşmak, täze pikirleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de geljekki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin giň mümkinçiliklere eýe boldular.


TDBGI