“Awtomatlaşdyrmagyň esasy meseleleri” atly okuw seminary
06-04-2026
320
2026-njy ýylyň aprel aýynyň 4-ine Inžener-mehanika fakultetiniň “Önümçiligi awtomatlaşdyrmak” kafedrasynyň mugallymlary tarapyndan Aşgabat şäheriniň takyk we daşary ýurt dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 77-nji orta mekdebinde “Awtomatlaşdyrmagyň esasy meseleleri” atly okuw seminary geçirildi. Ilki bilen gutardyş synpda okaýan mekdep okuwçylary Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda taýýarlanylýan hünärler we taýýarlygyň ugurlary bilen tanyşdyryldy.
Soňra häzirki wagtda ýurdumyzda senagat kärhanalarynda ulanylýan döwrebap awtomatlaşdyrylan enjamlar barada gürrüň edildi. HMI, SCADA we başga-da birnäçe önümçiligi awtomatlaşdyrmagyň döwrebap ulgamlary hem-de olaryň aýratyn enjamlaşdyrylyşy mekdep okuwçylarynda uly gyzyklanma döretdi. Ýaşlaryň mekdep ýyllaryndan hünäre ugrukdyrylmagy olaryň geljekde ýurdumyzy gülledip ösdürjek, döwletimiziň ösüşlerine mynasyp goşant goşjak adamlar bolup ýetişmegine uly itergi berer.