“Gurluşyk pudagynda ulanylýan demirbeton konstruksiýalary” atly ylmy-amaly maslahaty

Türkmenistanyň Bilim ministriniň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 23-nji fewralynda çykaran 15/56 belgili bilelikdäki buýrugy bilen tassyklanan «Ýokary hünär bilimi edaralarynda ylmy çäreleri geçirmegiň Tertibine» laýyklykda, çäreleri ýokary derejede geçirmek maksady bilen, 2026-njy ýylda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda birnäçe meýilleşdirilen çäreler durmuşa geçirildi.


TDBGI


Ylmy-amaly maslahatlaryň meýilnamasynyň çäginde, «Binagärlik we gurluşyk» fakultetiniň «Senagat we raýat gurluşygy» kafedrasynyň uly mugallymy Mamagül Täçmyradowa möhüm tema boýunça maslahat gurady we geçirdi.


TDBGI


«Gurluşyk pudagynda ulanylýan demirbeton konstruksiýalary» diýen temada geçirilen ylmy-amaly maslahat ýokary derejede geçip, gatnaşyjylaryň hünär kämilleşmegine uly goşant goşdy.