Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek baradaky öňde goýan ileri tutulýan wezipelerini durmuşa geçirmek, şeýle hem Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň we tebigy we takyk ylmy ugurlaryna degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryny amala aşyrmak maksady bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty birnäçe ders bäsleşiklerini üstünlikli geçirdi.
Intellektual ýaryşlara ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň gutardyş synp okuwçylary gatnaşdylar. Bäsleşikler dört sany esasy ugur boýunça iki tapgyrda geçirildi:
Bäsleşigiň birinji tapgyry onlaýn formatynda guraldy we bu Watanymyzyň ähli künjeklerinden zehinli okuwçylary çekmäge mümkinçilik berdi. Jemleýji ikinji tapgyr 2026-njy ýylyň 29-njy aprelinde Aşgabat şäherinde we welaýat merkezleriniň ýörite bellenilen bilim edaralarynda gatnaşmak usulynda geçiriler.
Geçirilen ders bäsleşikleri geljekki uçurymlaryň taýýarlyk derejesiniň ýokarydygyny, olaryň ylymlary çuňňur öwrenmäge bolan ymtylmalaryny we häzirki zaman ylmy gurşawyna sanly çözgütleri ornaşdyrmaga taýýardyklaryny görkezdi.
Guramaçylyk topary bäsleşigiň ýeňijilerini we baýrakly orunlary eýelänleri gutlaýar!
Her ders boýunça ýeňijileriň doly sanawy bilen aşakdaky salgy arkaly tanyşyp bilersiňiz:
Ähli okuwçylara işjeň gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk bildirýäris we öňde duran uçurym hem-de giriş synaglarynda üstünlikler arzuw edýäris!
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Guramaçylyk topary