Inžener-mehanika fakultetiniň mugallymlary we talyplary göçme okuw sapagynda

2026-njy ýylyň aprel aýynyň 8-ine Inžener-mehanika fakultetiniň “Önümçiligi awtomatlaşdyrmak” kafedrasynyň mugallymlary we “Önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy” hünäriniň talyplary “Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan gurluşygy alnyp barylýan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynda göçme okuw sapagyny geçdiler. 


TDBGI


Göçme okuw sapagynyň dowamynda talyp ýaşlar gurluşyk meýdançanyň dürli ýerlerinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar. Täze binalar toplumynyň  baş binasynda talyp ýaşlara liftleri gurnamak barada iş prosesiniň gidýän pursadynda göçme okuw sapagynyň geçirilmegi has-da täsirli boldy. 


TDBGI


Talyp ýaşlar gurluşyk meýdançasynda alnyp barylýan gurluşyk, elektrik we awtomatlaşdyrma işleri barada birnäçe maglumatlary aldylar we  kärhananyň hünärmenleri bilen özara pikir alyşdylar. 


TDBGI


TDBGI