AŞGABAT GURLUŞYK ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBINDE SEMINAR OKUWY GEÇIRILDI

“Ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda bilm boýunça özara hyzmatdaşlygy üpjün etmek hakynda”  Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2022-nji ýylyň 7-nji martyndaky 77 belgili buýrugyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna berkidilen Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebine okuw-usuly goldow bermek üçin özara hyzmatdaşlygy üpjün etmek boýunça 2026-njy ýylynda ýerine ýetirmeli işleriň iş meýilnamasynyň çäklerinde, Inžener-mehanika fakultetiniň “Elektrik üpjünçiligi we elektromehanika” kafedrasynyň gurnamagynda Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň arasynda “Minara görnüşli gün elektrik stansiýasy” atly seminar okuwy geçirildi. 


TDBGI


Türkmenistan döwletimizde we bütin dünýäde ekologiýany arassa saklamak esasy meseläniň biri bolup durýar. Şu nukdaýnazardan “ýaşyl” arassa elektrik energiýa almak, alternatiw çeşmeleri döretmek örän wajyp meseleleriň biridir. 


TDBGI


Şeýle hem talyplar bilen sorag-jogap alyşyp gyzykly seminar okuwy geçirildi.


TDBGI