Ylym we Önümçilik — Bedew batly ösüşleriň gözbaşy!

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyz ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda bedew batly ösüşleri görkezýär. Şu ajaýyp ýylyň 8-nji aprelinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy” kafedrasynyň talyplary we mugallymlary üçin keramika önümlerini öndürýän önümçilik kärhanasyna göçme okuw sapagy gurnaldy.

Talyplarymyz döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan “Eziz doganlar keramika” hojalyk jemgyýetiniň önümçilik desgalaryna we sanly barlaghanalaryna baryp, nazary bilimlerini iş ýüzünde berkitdiler. Bu göçme okuw sapagy Arkadagly Serdarymyzyň ylym bilen önümçiligi utgaşdyrmak, ýaşlary innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan kämil hünärmenler edip ýetişdirmek baradaky döwlet syýasatynyň aýdyň beýanydyr. Ýerli çig mallardan ýokary hilli keramika önümlerini öndürýän kärhanalar bilen ýokary okuw mekdepleriniň hyzmatdaşlygy, ýurdumyzyň senagat özbaşdaklygyny has-da berkidýär. Talyplar döwrebap barlaghanalarda geçirilen synaglary ýakyndan synlap, geljekde özleriniň hem ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşjakdyklaryna bolan ynamlaryny has-da artdyrdylar.


TDBGI


TDBGI


TDBGI


TDBGI


TDBGI


TDBGI


TDBGI