Aşgabat şäheriniň takyk we daşary ýurt dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 77-nji we 116-njy orta mekdebinde hünäre ugrukdyryş işleri geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň mekdeplerinde okuwçylaryň ukyplaryny we zehinlerini nazara almak bilen, hünäre ugrukdyrmak meselesine aýratyn üns bermeli diýip beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, 2025/2026-njy okuw ýylynda proforiýentasiýa çäreleri geçirildi. Bu işler Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Aşgabat şäheriniň takyk ylymlary we daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 77-nji we 116-njy orta mekdepleriniň bilelikde alnyp barylmaly işleriniň meýilnamasynyň çäklerinde guraldy.


TDBGI


Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň Binagärlik kafedrasynyň uly mugallymy Merýem Bekmurzaýewa tarapyndan bu mekdepleriň gutardyş synp okuwçylarynyň arasynda hünäre ugrukdyryş işleri geçirildi. Ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen okuwçylar eskiz taslamalaryny ýerine ýetirdiler. Şeýle-de, ýaşlary hünäre ugrukdyrmaga gönükdirilen duşuşyklar guraldy.


TDBGI


Okuwçylara Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda hödürlenilýän hünärler barada giňişleýin maglumat berildi. Institutymyzyň binalaryň ýokary berkligini, howa şertlerine we seýsmiki ýagdaýlara durumlylygyny hem-de inženerçilik talaplaryny doly üpjün edip bilýän binagärleri, dizaýnerleri we şähergurluşykçylary taýýarlamakda öňdebaryjy ýokary okuw mekdebi bolup durýandygy bellenilip geçildi.


TDBGI


Geçirilen bu duşuşyklar gutardyş synp okuwçylary üçin has täsirli boldy we olaryň gelejekde saýlap aljak hünärlerini dogry kesgitlemeklerine uly ýardam etdi.


TDBGI


TDBGI