Sport ýaryşlarynda talyplarymyzyň üstünlikleri

Türkmen türgenleriniň iri halkara ýaryşlaryna gatnaşmagy ýurdumyzyň sportunyň dünýä ýüzünde gazanýan üstünlikleriniň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan sport syýasatynyň aýdyň ykrarnamasydyr.


TDBGI


Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň “Kartografiýa we geoinformatika” taýýarlygy ugrunyň 3-nji ýyl talyby Kerimow Kerim 2026-njy ýylyň 12-14-nji apreli aralygynda Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan şäherinde Sambo we Söweş sambosy boýunça Dünýä kubogy ugrunda geçirilen 71 kg agramy bilen söweş sambo görnüşi boýunça ýaryşyna gatnaşyp kümüş medala mynasyp boldy.


TDBGI


Şeýle hem “Kartografiýa we geoinformatika” taýýarlygy ugrunyň 4-nji ýyl talyby Nurberdiýew Selim 2026-njy ýylyň 12-14-nji apreli aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen 80 kg agramy bilen Alyş (Gyrgyz göreşi) göresiniň görnüşi boýunça ýaryşyna gatnaşyp bürünç medala mynasyp boldy.