"Garaşsyz, Baky Bitarap ýurdumyzyň türkmen bedewleri — sungat äleminiň genji-hazynasy" diýlip atlandyrylan döredijilik sergisine Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň Binagärlik kafedrasynyň professor-mugallymlary we talyplary uly höwes we aýratyn taýýarlyk bilen gatnaşdylar. Türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň waspyny ýetirýän bu dabaraly çärede gatnaşyjylar özleriniň döredijilik ukyplaryny binagärlik we suratkeşlik sungatynyň inçe tilsimleri arkaly beýan etdiler.
Mugallymlaryň ylmy-usulyýet ýolbaşçylygynda talyplar tarapyndan taýýarlanan binagärlik taslamalary, grafika işleri we dürli görnüşli heýkeltaraşlyk nusgalary serginiň ähmiýetini has-da artdyryp, ýaşlaryň milli gymmatlyklarymyza bolan sarpasyny we gyzyklanmasyny aýdyň görkezdi.
Bu sergi bedewleriň gaýtalanmaz gözelligini sungat eserleriniň üsti bilen dabaralandyrmak bilen bir hatarda, institutymyzyň döredijilikli mugallymlarynyň we zehinli talyplarynyň hünär ussatlygyny hem-de ýokary estetiki ukyplaryny jemgyýetçilige ýetirmekde möhüm ädim boldy.

