Milli binagärlik mirasymyzyň genji-hazynasy bolan «Nusaý» ýadygärlikleri
23-04-2026
14
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary "Nusaý" döwlet taryhy-medeni goraghanasynda önümçilik tejribeliginde boldular. Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň Binagärlik kafedrasynyň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda "Nusaý" döwlet taryhy-medeni goraghanasyna önümçilik tejribeligi guraldy.
Okuw-önümçilik tejribeligine kafedra müdiri, uly mugallym Äşe Gubaýewa hem-de öwreniji-mugallym Muhammedali Kurbanow ýolbaşçylyk etdi.
Oňa "Binagärlik gurşawynyň dizaýny" hünäriniň 2-nji ýyl talyplary gatnaşyp, taryhy ýadygärlikleriň binagärlik aýratynlyklary, gurluşyk tilsimatlary we gadymy döwrüň dizaýn çözgütleri bilen ýakyndan tanyşdylar.
Bu önümçilik tejribeligi talyplaryň okuwda alan nazary bilimlerini tejribe üsti bilen baýlaşdyrmaklaryna we milli binagärlik mirasymyzy çuňňur öwrenmeklerine uly ýardam berdi.