Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda: Türkmen-Hytaý dostlugy — «Ösüşleriň we bagtyýar geljegiň batly gadamlary»

2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Mary welaýatynda Galkynyş gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek ýurduň önümçilik mümkinçiliklerini düýpli giňeltmegi göz öňünde tutýar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow käniň täze desgalarynyň düýbini tutmak dabarasyna gatnaşdy. 

Türkmenistan bilen  Hytaýyň CNPC nebit-gaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirilmeginiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň üýtgeşik ýerasty hazynasynyň serişde mümkinçiliklerini has-da açmaga we umuman Türkmenistanyň energetika kuwwatyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Bu bolsa özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ilerledilmegine giň ýol açar. 

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürilmegine ýardam eder. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmen – Hytaý dostlugy “Ösüşleriň we bagtyýar geljegiň batly gadamlary” atly gepleşik Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary bilen tegelek stolyň başynda gurnaldy.