Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň nazary bilimlerini önümçilik bilen utgaşdyrmaklaryna aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň "Suw, gaz we ýylylyk üpjünçiligi" kafedrasynyň 3-nji ýyl talyplary üçin önümçilik meýdançasynda nobatdaky göçme okuw sapagy guraldy.

Kafedranyň uly mugallymy Agamyrat Saparowyň ýolbaşçylygynda geçirilen bu okuw maslahaty, biziň täze döwrebap institutymyzyň binalar toplumyny zerur bolan tehniki suw bilen bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen gazylýan dik guýynyň gurluşyk meýdançasynda boldy.

Göçme okuwyň dowamynda talyplar dik guýularyň gurluş aýratynlyklary, suw alyjy desgalaryň taslama-gurluşyk tapgyrlary we gidrotehniki desgalaryň işleýiş ýörelgeleri barada giňişleýin maglumat aldylar. Şeýle hem, ýeriň aşaky gatlaklaryndan suw çykarmagyň inženerçilik usullary we ulanylýan häzirki zaman enjamlarynyň tehniki häsiýetnamalary talyplara iş ýüzünde görkezildi.

Munuň ýaly amaly okuwlar talyplaryň saýlap alan hünärleri boýunça tejribelerini baýlaşdyrmakda we olaryň geljekde kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerinde uly ähmiýete eýedir.