Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda “STEM usuluýeti geodeziýada” atly ylmy-okuw maslahaty geçirildi.

2026-njy ýylyň 29-njy aprelinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň “Geodeziýa” kafedrasynyň uly mugallymy P.Bäşimow tarapyndan “STEM usuluýeti geodeziýada” atly onlaýn ylmy-okuw maslahaty geçirildi.


TDBGI


Okuw maslahatyna ýurdumyzyň öňdebaryjy ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplary gatnaşdy. Onlaýn duşuşykda S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we naz uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň wekilleri özara tejribe alyşdylar.


TDBGI


Çykyşda okuw sapaklarynda sanly ulgamdan peýdalanmak we STEM usulyýetini ornaşdyrmak barada giňişleýin gürrüň berildi.