Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda 1941-1945-nji ýyllarda watançylygyň deňi-taýy bolmadyk nusgasyny görkezen weteranlarymyzyň, urşuň gazaply günlerini başdan geçiren enelerimiziň, gaýduwsyzlyk bilen zähmet çeken raýatlarymyzyň sarpasyny belentde tutmak maksady bilen, Beýik Ýeňşiň 81-ýyllygy mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutymyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň gurnamagynda “Ýüreklerde ýaşaýar gahryman gerçeklerimiz” atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.





Dabaranyň dowamynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan uruş weteranlarymyzyň görkezen edermenligine, gaýduwsyzlygyna, merdana pederlerimiziň watan öňünde bitiren hyzmatlaryna goýulýan hormatyň nyşany hökmünde, çärä gatnaşan weteranlara institutyň Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň taýýarlan ter gül çemenleri hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.


Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzy parahatçylygyň we gülläp ösüşleriň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp hem üstünlikli dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, röwşen ömürleriniň uzak, il-ýurt we tutuş adamzat bähbitli tutýan tutumly işleriniň mydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!





Baba Myratberdiýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy