“AÇYK GAPYLAR” GÜNI GEÇIRILDI

2026-njy ýylyň 6-njy maýynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna 2026/2027-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän Aşgabat şäheriniň orta hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlary üçin “Açyk gapylar” güni geçirildi. “Açyk gapylar” gününe Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň 33, 44, 50, 77, 116-njy. orta mekdepleriniň uçurym okuwçylary we Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň uçurym talyplary gatnaşdylar.


TDBGI


TDBGI


Çärä gatnaşan bagtyýar ýaşlary Hormatly Prezidentimiziň we Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatynyň institutda durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, öwrenilýän hünärler, taýýarlyk ugurlary, talyplar tarapyndan döredilen şekil taslamalary, döwrebap tehnologiýalar we internet bilen enjamlaşdyrylan okuw otaglary, aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlary, sport toplumynyň işi, talyplaryň ýaşaýyş şertleri bilen tanyşdyryldy.


TDBGI


TDBGI


TDBGI


TDBGI


TDBGI


TDBGI


TDBGI


Baba Myratberdiýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy