2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň 6-njy maýynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň baş binasynyň mejlisler zalynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli “Pederlerimiziň gahrymançylygy watansöýüjiligiň nusgalyk mekdebidir” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

Ylmy-amaly maslahatyň başynda institutyň Ylmy işler boýunça prorektory Çarwaýew Döwlet Atagurbanowiç çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda alnyp barylýan il bähbitli, döwlet ähmiýetli ösüşler, ylymda, bilimde amala aşyrylýan oňyn özgertmeler şeýle-de Beýik Watançylyk urşunda türkmenistanly gerçekleriň görkezen nusgalyk gahrymançylyklary barada dabara gatnaşyjy mugallymlara, talyp ýaşlara gürrüň berdi.


Maslahatyň dowamynda çykyş eden mugallymlar we talyp ýaşlar türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza şeýle hem hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

Gülnar TEKÄÝEWA,
Ylym böülüminiň esasy hünärmeni