ÝOL GURLUŞYGY FAKULTETINIŇ TALYPLARYNYŇ “HALK HAKYDASY” ÝADYGÄRLIKLER TOPLUMYNA HAKYDA GEZELENJI

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakulteti tarapyndan “9-njy maý Ýeňiş güni” mynasybetli “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna hakyda gezelenji guraldy. Oňa institutymyzyň halypa mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Hakyda gezelenjiň dowamynda mugallymlar talyp ýaşlara taryhda Türkmenistanyň çäklerinde bolan ähli uruşlaryň dowamynda Watan goragynda wepat bolan gahrymanlarymyz barada täsirli gürrüň berdiler. Watanymyzyň asudalygy, halkymyzyň agzybirligi ugrunda janyny gurban edip, bizi şeýle eşretli durmuşa ýetiren beýik şahsyýetlerimiziň ýadygärliklerini synlamak, olaryň geçen şöhratly we gahrymançylykly ýollary baradaky gyzykly maglumatlary diňlemek talyp ýaşlarda watansöýüjilik, ruhubelentlik ýaly asylly häsiýetleriň kemala gelmeginde örän möhüm ähmiýete eýe boldy.

Hakyda gezelenjiniň dowamynda Watan gahrymanlarymyzy sarpalamaga we olaryň şöhratly edermenliklerini çuňňur öwrenmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlar aýdyldy.


TDBGI