Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda “Ýagtylygyň difraksiýasy” atly onlaýyn seminar geçirildi
08-05-2026
18
Inžener-mehanika fakultetiniň “Fizika” kafedrasynyň gurnamagynda ZOOM platformasynda onlaýyn seminar geçirildi. Bu ylmy-okuw çäresi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylmagyna bagyşlandy.
Onlaýyn seminarlaryň tassyklanan meýilnamasyna laýyklykda, “Fizika” kafedrasynyň uly mugallymy Berdişükür Jumaýew “Ýagtylygyň difraksiýasy” atly tema boýunça giňişleýin çykyş etdi.
Onlaýyn sapaga kafedranyň professor-mugallymlary bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary hem işjeň gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda mugallymlar özara tejribe alyşdylar we temanyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.