Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylyşy mynasybetli, Binagärlik-gurluşyk fakulteti tarapyndan Zoom platformasynda geçirilýän onlaýn seminarlaryň meýilnamasyna laýyklykda nobatdaky ylmy-amaly maslahat ýokary derejede geçirildi.

Maslahatyň esasy maksady häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryny wagyz etmek, ekologiýa taýdan arassa çözgütleri giňden ornaşdyrmak hem-de ýaşlaryň ylma bolan gyzyklanmasyny artdyrmakdan ybarat boldy.

Bu gezekki maslahat Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň “Cyzuw we materiallaryň garşylygy” kafedrasynyň öwreniji-mugallymy Ýulduz Bäşimowanyň “ECO-BOYLER” atly temasy esasynda geçirildi. Çykyşyň dowamynda energiýa tygşytlaýjy hem-de ekologiýa taýdan howpsuz ýyladyş ulgamlarynyň aýratynlyklary, olaryň häzirki zaman gurluşyk pudagyndaky ähmiýeti we netijeliligi barada giňişleýin maglumat berildi.

Sanly ulgam arkaly geçirilen maslahata Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar. Gatnaşyjylar tema boýunça öz pikir-alşyp, gyzyklandyrýan sowallaryna giňişleýin jogap aldylar.
Maslahat “Cyzuw we materiallaryň garşylygy” kafedrasynyň öwreniji-mugallymy Ýulduz Bäşimowa tarapyndan ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp baryldy hem-de oňa gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi.