Inžener-mehanika fakutetiniň “Önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy” hünäriniň talyplary mugallymlaryň ýolbaşçylygynda Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşýän Robot ussahanasynda göçme okuw sapagyny geçdiler.
Göçme okuw sapagynyň dowamynda talyp ýaşlar robot tehnologiýalary we olary ýasamakda ilkinji ädimler, elektronikada, awtomatlaşdyrmakda ulanylýan tehniki serişdeler bilen giňişleýin tanyşdylar.
Şeýle hem robototehnikanyň esaslaryny doly özleşdirmek maksady bilen robotlarda mehanika we konstruksiýa işleri, 3D modelirleme, ulanylýan materiallar, robotyň kinematikasy, 3D çap ediliş, elektronika we sanly dolandyryş, mikrokontrollerler, Arduino, datçikleriň dürli görnüşleri, kiçi kuwwatly elektrik hereketlendirijiler, robotlary programmirleme, emeli aň arkaly işleri alyp barmak ýaly döwrebap tehnologiýalar boýunça hünärmenler bilen özara pikir alyşdylar.