“Mehanikany okatmagyň innowasion usullary” atly okuw maslahaty 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň kafedralarynda ýokary hünär biliminiň döwlet bilim standartlarynyň talaplaryny ýerine ýetirmek we okuw işiniň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilýän okuw-usuly maslahatlarynyň nobatdakysy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.


TDBGI


Maslahat “Çyzuw we materiallaryň garşylygy” kafedrasynyň uly mugallymy Täçmyrat Öremedowyň “Mehanikany okatmagyň innowasion usullary” atly tema boýunça çykyşyna bagyşlandy. Çykyşda mehanika dersini okatmagyň häzirki zaman pedagogik usullary, sanly tehnologiýalaryň okuw işine ornaşdyrylmagy hem-de talyplaryň nazary bilimlerini amaly başarnyklar bilen utgaşdyrmakda innowasion çemeleşmeleriň ähmiýeti giňişleýin beýan edildi.


TDBGI


Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar tarapyndan pikir alyşmalar geçirilip, okatmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen teklipler öňe sürüldi. Çäräniň dowamynda dersleriň mazmunyny döwrebaplaşdyrmak, okuw serişdelerini kämilleşdirmek we talyplaryň işjeňligini artdyrmak boýunça birnäçe möhüm ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.


TDBGI


Okuw maslahaty ýokary işjeňlik, guramaçylykly we netijeli ýagdaýda geçirildi.


TDBGI