SPORT ÜSTÜNLIKLER

2026-njy ýylyň maý aýynyň 12-18-i aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde sportuň jiu-jitsu görnüşi boýunça geçirilen dünýä çempionatynyň II tapgyrynda gatnaşan Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika  fakultetiniň “Senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hem-de awtomatikasy” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Rahmanow Parahat Döwranowiç çykyş edip I orna mynasyp boldy. Bu bolsa ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende galdyrdy.


TDBGI


Rahmanow Parahat Döwranowiçe geljekde hem sport äleminde uly üstünlikler gazanmagyny arzuw edýäris.   


TDBGI