“Ak şäher Aşgabat – binagärlik sungatynyň dürdänesi, ylmy-innowasiýalaryň mekany” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda”, şeýle hem bilim ulgamy boýunça kabul edilen konsepsiýalarda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de hormatly Prezidentimiziň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil nesli kemala getirmek, zehinli talyplary ylma çekmek we ylmy derejeli işgärleri taýýarlamak boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek, ylym-bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak maksady bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 2026-njy ýylyň 21-nji maýynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, aspirantlarynyň, doktorantlarynyň, magistrleriniň, şeýle hem ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ylmy edaralarynyň, kompaniýalarynyň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda dabaraly bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli “Ak şäher Aşgabat – binagärlik sungatynyň dürdänesi, ylmy-innowasiýalaryň mekany” atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi.  


TDBGI


Bu halkara ylmy-amaly maslahata ýurdumyzyň we Amerikanyň Birleşen ştatlarynyň, Azerbaýjanyň, Belarusyň, Günorta Koreýanyň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Çernogoriýanyň, Täjigistanyň, Latwiýanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Päkistanyň, Finlýandiýanyň, Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy merkezleriniň we kompaniýalarynyň 210-dan gowrak wekilleriniň çykyşlary diňlenildi. 


TDBGI


Halkara ylmy-amala maslahata gatnaşyjylar, ilki bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň alyp barýan ylmy-barlag, taslama işleriniň netijeleri boýunça taýýarlanan sergi hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleri bilen tanyşdylar. Myhmanlar guralan sergi hem-de institutyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň taslama işleri bilen içgin tanyşdylar. Olaryň hatarynda institutyň mugallymlary tarapyndan şekil taslamasy taýýarlanan we Aşgabat şäherinde gurulmaga teklip edilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşyk işleriniň tamamlaýjy tapgyry  ýokary depginde alnyp barylýar, institutyň täze binasynyň 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda açylmagyna garaşylýar. Institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary tarapyndan döredilen döwrebap taslama işleriniň birnäçesi durmuşa geçirildi. 

Zehinli ýaş binagärleriň gaýtalanmajak pikirlerini we oýlap tapyşlaryny açyp görkezýän bu işler Watanymyzyň geljegine, şäherdir obalaryň ösüşine täzeçil garamaga iterýär. Serginiň özüne çekiji giňişligi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda Türkmenistanyň at gazanan arhitektory diýen belent adyň eýesi bolan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli şähergurluşyk syýasatynyň yzygiderli amala aşyrylyşyny aýdyň şöhlelendirdi.

Institutda ekologiýa we tebigy serişdelerinden aýawly peýdalanmak, energetika, himiýa tehnologiýalary we bäsleşige ukyply täze önümleri öndürmek, gurluşyk, binagärlik we seýsmiki, maglumat we maglumat tehnologiýalary ýaly ýurdumyzda ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça önümçilikleriň wajyp meselelerini çözmeklige gönükdirilen ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. 

Maslahatyň baş maksady ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, aspirantlarynyň, talyplarynyň, şeýle hem ylmy edaralaryň alymlarynyň we önümçilik kompaniýalarynyň hünärmenleriniň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakdan, özara bähbitli ylmy maglumatlary hem-de tejribeleri alyş-çalyş etmekden ybarat boldy.

Halkara ylmy-amaly maslahata daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, doktorantlary hem-de ylmy-barlag edaralarynyň wekilleri sanly ulgam arkaly işjeň gatnaşdylar.

Halkara ylmy-amaly maslahatynyň umumy mejlisinde çykyş eden daşary ýurtly alymlar öz halklarynyň binagärlik sungatynyň taryhy däp-dessurlary we özboluşly aýratynlyklary, dünýä tejribesinde giňden ornaşdyrylýan häzirki zaman gurluşyk innowasiýalary hem-de täzeçil tehnologik işläp taýýarlamalar barada gyzykly maglumatlary paýlaşdylar. Amatly şäher gurşawyny döretmek, tebigy gözellik bilen utgaşýan dizaýny kemala getirmek, binagärlik-gurluşyk biliminiň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de ýokary derejeli bäsleşige ukyply hünärmenleri taýýarlamak meselelerine baglylykda orta atylan ylmy garaýyşlar maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Halkara ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisinden soňra maslahatyň işi 4 sany bölümlerde dowam etdirildi. 

Halkara ylmy-amaly maslahatyň esasy wezipeleri bilim ulgamynyň ylym we önümçilik bilen utgaşmagyny üpjün etmekden, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, aspirantlarynyň we talyp ýaşlarynyň arasynda döwrebap ylmy pikir alyşmalary guramakdan ybaratdyr. Şeýle hem zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek, ýokary ylmy derejeli hünärmenleri taýýarlamak hem-de önümçilik, innowasion gözleg işlerinde ýüze çykýan derwaýys meseleleri çözmäge bäsleşige ukyply ýaş nesli ýetişdirmek maslahatyň öňünde goýlan möhüm ugurlarydyr.

Häzirki döwürde eziz Watanymyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, gurluşyk we senagat pudagy hem ýokary depginler bilen ösýär. Gurluşyk-senagat toplumynda innowasion önümçilikleri döretmek, iri senagat kärhanalaryny gurnamak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de pudagyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, ulgama sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ata-babalarymyzdan miras galan milli binagärlik ýörelgelerini döwrümiziň dizaýnerlik we döredijilik ruhy bilen utgaşdyrýan täze, nusgalyk şäherleriň, döwrebap obalaryň we şäherçeleriň ençemesi kemala getirildi.

Merdana ata-babalarymyz ymarat we bina galdyrmagy, ýol çekmegi, köpri gurmagy, guýy we käriz gazmagy iň mukaddes işleriň hatarynda goýupdyrlar. Olar binagärlik we gurluşyk medeniýeti babatda geljekki nesillere iňňän baý, bahasyna ýetip bolmajak ylmy we amaly mirasy galdyrypdyrlar.

“Ak şäher Aşgabat – binagärlik sungatynyň dürdänesi, ylmy-innowasiýalaryň mekany” atly sanly ulgam arkaly geçirilen halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzyň gazanýan beýik üstünlikleriniň, döwrebap binagärlik sungatynyň gözbaşynda duran Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny we çuňňur minnetdarlyklaryny beýan etdiler. Halkara maslahatyň wekilleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gurluşyk-senagat toplumyny hem-de ylym-bilim ulgamyny belent sepgitlere ýetirmekde dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli hem-de halkara ähmiýetli beýik tutumlarynyň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.


Amanmyrat Arazow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Ylym bölüminiň başlygy