Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyp ýaşlaryna baýrak gowşuryş dabarasy geçirildi

2026-njy ýylyň 23-nji maýynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Mejlisler jaýynda 2025-2026-njy okuw ýylynyň dowamynda halkara we döwlet derejesinde geçirilen ders bäsleşiklerine we sport ýaryşlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolan talyplara, şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda bilim ulgamynda çeken döredijilikli zähmetleri, bilim işini häzirki zamanyň ösen talaplary esasynda ýokary derejede guramakda, bilimiň mazmunyny has-da baýlaşdyrmakda, hilini ýokarlandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary üçin işine ussat halypalar, göreldeli işleýän mugallymlar sylaglanyldy.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaşlaryň ylymly, bilimli we giň dünýägaraýyşly ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda alyp barýan tutumly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Ýol gurluşygy fakultetiniň talyplarynyň sportuň dürli görnüşlerinde  gazanan üstünlikleri:


TDBGI

Hokkeý 

  • III orun - Şamuhammedow Perman - “Gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny öndürmek” hünäriniň 1 -nji ýyl talyby.

TDBGI

Dzýu-do

  • II orun - Taganow Pena - “Gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny öndürmek” hünäriniň 2 -nji ýyl talyby.

Sambo göreşi

  • II orun - Goçmyradow Meýlis -  “Köprüler we ulag tunnelleri” hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

TDBGI

Sportuň MMA görnüşi

  • III orun - Berdimuhammedow Mekan - “Köprüler we ulag tunnelleri” hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

TDBGI

Karate 

  • III orun - Annamuhammedow Muhammetnur - “Kartografiýa we geoinformatika” taýýarlygyň ugrunyň 4-nji ýyl talyby