Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň düzüminde sportuň jiu-jitsu (kontaktly HIF) görnüşi boýunça geçirilen Dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edildi.
2026-njy ýylyň 13–17-nji maý aralygynda Türkiýäniň Antalya welaýatynyň Kemer şäherinde geçirilen halkara ýaryşda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň "Suw üpjünçiligi ulanylan suwlary akdyryş we suw gorlaryny goramak" hünäriniň 2-nji ýyl talyby Dowwaýew Seýran 77 kg agram derejesinde jiu-jitsu (kontaktly HIF) görnüşi boýunça çykyş edip, ýokary netijeleri gazandy.
Ol ýaryşyň dowamynda 3-nji orna mynasyp bolup, BÜRÜNÇ medal gazandy. Şeýle hem, 17-nji maýda geçirilen final duşuşyklarynda üstünlikli çykyş edip, 2-nji orny eýeläp KÜMÜŞ medala mynasyp boldy.