Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Ylymlar güni mynasybetli “Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylym taglymatlary – jemgyýetimizi hereketlendiriji güýçdür” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi

2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň 8-nji iýunynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň baş binasynyň mejlisler zalynda Ylymlar güni mynasybetli “Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylym taglymatlary – jemgyýetimizi hereketlendiriji güýçdür” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.


TDBGI


Maslahatyň dowamynda bellenilip geçilişi ýaly, häzirki wagtda ylym we bilim jemgyýetimiziň medeni, ruhy we ykdysady taýdan kämilleşmeginde esasy orny eýeleýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän ylym taglymatlary ýaş nesilleriň zehinini açmaga, olaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmäge giň ýol açýar.


TDBGI


Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty hem öz gezeginde ýurdumyzyň gurluşyk, energetika, himiýa we senagat pudaklary üçin ýokary hünärli, ylymly ýaşlary taýýarlamakda öňdebaryjy bilim ojaklarynyň biri hökmünde çykyş edýär.


TDBGI


Maslahata gatnaşan professor-mugallymlar we ýaş alymlar öz çykyşlarynda häzirki zaman ylmynyň wajyp meselelerine, aýratyn-da sanly ykdysadyýetiň we tehnologiýalaryň binagärlik hem-de gurluşyk pudagyndaky ähmiýetine uly üns berdiler. Aýratyn-da, ekologiýa taýdan arassa gurluşyk materiallarynyň önümçiligi, “akylly” şäher konsepsiýalary we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar baradaky täze ylmy garaýyşlar maslahatyň esasy mowzuklary boldy. Bu bolsa Türkmenistanyň ylym syýasatynyň dünýä derejesindäki ösüşler bilen sazlaşykly ösýändigini görkezýär.

Halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan, ylmyň we bilimiň nury bilen ýurdumyzy ýagtylandyrýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!


Gülnar Tekäýewa
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Ylym bölüminiň esasy hünärmeni