Ylymlar güni mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda halkara sport ýaryşlarynyň we olimpiadalarynyň gatnaşyjylaryny sowgatlandyrmak dabarasy geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda, Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda nurana geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň döwrebap derejede bilim almagy, dünýäniň ylym giňişligine aralaşmagy, halkara sport bäsleşiklerine we olimpiadalaryna gatnaşmagy üçin giň gerimli işler alnyp barylýar.


TDBGI


Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, eziz Watanymyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrüldi. 2025-2026-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşynda toparlaýyn I oruna mynasyp bolmaklary, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen “Türkmenistan-ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XV uniwersiada-da institutymyzyň talyp türgenleri sportuň görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlarynda toparlaýyn II oruna mynasyp bolmaklary hem-de Halkara ders bäsleşiklerinde, Halkara sport ýaryşlarynda, Türkmenistanda geçirilen dürli görnüşli döwlet ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan professor-mugallymlary, talyp türgenleri we olary bäsleşiklere taýýarlan mugallymlary Ylymlar güni mynasybetli institutyň Kärdeşler arkalaşygy guramasy tarapyndan sowgatlandyrmak dabarasy geçirildi.


TDBGI


Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzy parahatçylygyň we gülläp ösüşleriň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, röwşen ömürleriniň uzak, il-ýurt we tutuş adamzat bähbitli tutýan tutumly işleri mydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!


TDBGI


TDBGI


TDBGI


TDBGI


TDBGI


TDBGI


TDBGI


TDBGI


Baba Myratberdiýew
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy