2026-njy ýylyň 16-njy iýunynda Inžener-mehanika fakultetiniň «Amaly mehanika» kafedrasynyň mugallymlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde onlaýn okuw seminary geçirildi.
Sapak kafedranyň dosenti, tehniki ylymlaryň kandidaty Gurbangeldi Gylyçdurdyýewiň ýolbaşçylygynda «Inženerçilik hasaplamalary boýunça amaly sapaklarda tehniki dersleriň özara baglanyşygyny açyp görkezmek» temasynda geçirildi.
Seminaryň dowamynda inženerçilik hasaplamalary, tehniki dersleriň özara baglanyşygy we okatmagyň häzirki zaman usullaryny ulanmak meselelerine garaldy. Gatnaşyjylar tejribe alyşdylar we bu tema boýunça wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşdylar.