Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda “Türkmen medeni mirasymyz – müdimi ýol ýörelgämiz!” atly okuw seminary geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly bolan 2026-njy ýylda, ýurdumyz şanly taryhy wakalaryň bosagasynda dur. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli guraljak halkara çärelerine ýokary derejeli taýýarlyk görmek, şeýle hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Meýletinçiler merkeziniň guramagynda “Türkmen medeni mirasymyz – müdimi ýol ýörelgämiz!” atly okuw seminary geçirildi.


TDBGI


Bu çärede çykyş eden mugallymlar we talyplar döwletimiziň taryhy ösüşleri, milli medeniýetimiz we geljekki strategiýalar barada örän täsirli we ähmiýetli möhüm meselelere seretdiler.

Seminaryň çäklerinde gozgalan esasy temalar we çykyşlar şulardan ybarat boldy:

Döwlet strategiýalary we halkara ülňüleri: “Diller” kafedrasynyň uly mugallymy Kümüş Allabaýewa öz çykyşynda “2026–2052-nji ýyllar üçin esasy döwlet strategiýalary halkara ülňülerini ornaşdyrmaga badalga” diýen tema degip geçip, ýurdumyzyň geljekki ösüş ugurlarynyň halkara derejesindäki ähmiýetini düşündirdi.


TDBGI


Milli medeniýet we däp-dessurlar: “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň uly mugallymy Zylaýha Orazowa “Türkmen medeniýeti milli däp-dessurlarymyzyň gönezligidir” atly çykyşy bilen türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň ýaş nesilleri terbiýelemekdäki ornuny aýdyňlaşdyrdy.


TDBGI


Bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy: “Önümçiligi awtomatlaşdyrmak” kafedrasynyň uly mugallymy, institutyň Ýaş alymlar geňeşiniň başlygy Babajan Bekmürzäýew “Ýokary hünär bilimini döwrebaplaşdyrmak — ykdysadyýeti ösdürmegiň wajyp şerti” baradaky çykyşynda innowasion bilimiň ykdysady ösüşe goşýan goşandyny belläp geçdi.


TDBGI


Geljege ugrukdyrýan medeni miras: “Tehnologik maşynlar we enjamlar” kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Ahmet Akmuhammedow “Medeni miras – geljegiň şam çyragy” atly temasy bilen taryhy gymmatlyklarymyzyň şu günümizi we geljegimizi ýagtyldýan esasy güýçdigini nygtady.


TDBGI


Institutymyzyň Maglumat howpsuzlygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby Daýanç Akmämmedow “Medeniýet – halklary birleşdirýän köpri” diýen tema boýunça çykyş edip, Garaşsyzlygyň 35 ýyllygynda geçiriljek halkara çärelerinde meýletinçi talyplaryň halkara dostluk gatnaşyklaryny berkitmekde oýnajak möhüm ornuny dabaralandyrdy.


TDBGI


Geçirilen bu çäre institutyň meýletinçi talyplarynyň halkara ülňülere laýyklykda taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmakda, olarda watançylyk we milli buýsanç duýgularyny kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýe boldy. Ýaşlar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyny zähmet we ylym üstünlikleri bilen garşylamaga taýýardyklaryny görkezdiler.


TDBGI


Kümüş Allabaýewa, 
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 
Meýletinçiler merkeziniň başlygy