Hormatly Prezidentimiziň Gruziýa döwlet sapary barada “Aşgabat” teleýaýlymynyň “Bedew batly Watanym” atly gepleşiginde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik ýazgy edildi.

Bu söhbetdeşligiň barşynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýuna uly buýsanç bilen taýýarlyk görülýän günleriniň öňisyrasynda bolup geçen syýasy waka ýagny, Hormatly Prezidentimiziň Gruziýa döwlet sapary barada gişişleýin gürrüň edildi. Gepleşigiň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylan döwlet saparynyň çäklerinde iki ýurduň arasynda resminamalara gol çekişmek dabarasy barada, şol sanda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Gruziýanyň Bilim, ylym we ýaşlar ministrliginiň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Gruzin tehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama institutyň mugallymlary üçin has hem buýsandyryjy waka bolandygy hakynda söhbet edildi.
Gepleşigiň ahyrynda bilm işgärlerine döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza buýsançly arzuwlar bilen sagbolsun aýdyldy.
Ylym bölüminiň esasy hünärmeni
Gülnar TEKÄÝEWA