Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda “Türkmenistan – dost-doganlyk mekany!” atly okuw seminary geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çärelerine meýletinçi talyplary ýokary derejede taýýarlamak maksady bilen möhüm çäreler guralýar. Ýaňy-ýakynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Meýletinçiler merkeziniň gurnamagynda institutymyzyň 1-nji ýyl talyplary bilen “Türkmenistan – dost-doganlyk mekany!” atly okuw seminary geçirildi.

Institutymyzyň täze mejlisler zalynda geçirilen bu dabaraly çärä meýletinçi ýaşlarymyz uly ruhubelentlik we işjeňlik bilen gatnaşdylar. Seminaryň maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň halkara abraýy, sport diplomatiýasy we meýletinçilik hereketi barada giňişleýin çykyşlar diňlenildi:


TDBGI


  • “Halkara jemgyýetçilik, sport we medeni çärelerde meýletinçileriň tutýan orny” atly tema boýunça “Diller” kafedrasynyň uly mugallymy, Meýletinçiler merkeziniň başlygy Kümüş Allabaýewa öz çykyşynda ýurdumyzda geçirilýän iri halkara çärelerde meýletinçi ýaşlaryň alyp barýan möhüm işleri, olaryň medeniýetara gatnaşyklardaky we halkara hyzmatdaşlykdaky orny barada durup geçdi.

TDBGI


  • “Türkmenistan dünýäniň ykdysady giňişliginde” atly tema boýunça “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň uly mugallymy Züleýha Orazowa talyplara Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan ykdysady üstünlikleri, halkara bazaryndaky orny we amala aşyrylýan halkara forumlar barada gyzykly maglumatlary berdi.

TDBGI


  • “Türkmenistan — halkara forumlaryň mekany” atly tema boýunça “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň uly mugallymy Orazgül Berdiýewa Bitarap Türkmenistanyň dünýä derejesindäki parahatçylyk söýüjilik syýasaty, paýtagtymyzyň we welaýatlarymyzyň halkara maslahatlardyr forumlary geçirýän merkez hökmündäki ähmiýetini giňişleýin gürrüň berdi.

    TDBGI

Okuw seminary talyplarda uly gyzyklanma döretdi. Çäräniň ahyrynda ýaşlar özlerini gyzyklandyrýan soraglara mugallymlardan doly jogap alyp, geljekde geçiriljek halkara çärelerde mynasyp wekiller bolup çykyş etjekdiklerini guwanç bilen bellediler. Bu çäre ýaş nesilde watançylyk, agzybirlik we meýletinçilik medeniýetini ýokarlandyrmakda möhüm ädim boldy.


Kümüş ALLABAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Meýletinçiler merkeziniň başlygy