Türkmenistan döwletimizde ýaş nesle ýokary hilli bilim bermek, ýaşlary bilime hyjuwly, hakyky watançy ýaşlar edip ýetişdirmek boýunça birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda döwrebap, dünýäniň ösen ülňülerine laýyk gelýän ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň, ylym-bilim ojaklarynyň ençemesi gurlup ulanylmaga berilýär. Şol esasda hem ýurdumyzda kämil hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Ýaşlaryň hünär aýratynlygyna laýyklykda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde döwrebap usulda ylym-bilim bermek boýunça möhüm çözgütler kabul edilýär.

2026 –2027- nji okuw ýylynyň oktýabr aýynyň 14 –ine Aşgabat şäheriniň 116-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebinde gutardyş synplaryň arasynda ýaşlary hünäre ugrukdyrmak boýunça Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň Ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Kemalnepes Kerimow we Binagárlik kafedrasynyň uly mugallymy Merýem Bekmurzaýewa tarapyndan duşuşyklar geçirildi.

Häzirki wagtda biziň Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutymyzda ýaşlara berilýän hünärler barada giňişleýin tanyşdyrmak bilen, binagärleri, dizaýnerleri, şähergurluşykçylary taýýarlamakda biziň ýokary okuw jaýymyz binalary ýokary berklikli, howa şertlerine, seýsmiki ýagdaýlara durumly, inženerçilik talaplary doly ýerine ýetirip bilýän hünärmenleri taýýarlamakda ýeke täk institut bolup durýandygy barada maglumatlar berildi. Döwrebap gurluşyk materiallar, ýokary berklikli gurluşyk konstruksiýalary gözöňüne tutup taslamalary ýerine ýetirilýän hünärmenleri taýýarlaýandygyny hem bellendi.