2026-njy ýylyň 3-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýän “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat we energetika pudaklarynyň ösüşi” (CIET 2026 – Construction, Industry and Energy of Turkmenistan) atly halkara maslahatyň we serginiň çäklerinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory we wekilleri Täjigistan Respublikasynyň “Korhonai kimiýowi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.

Täjigistan Respublikasynyň “Korhonai kimiýowi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktorynyň orunbasary Ibragimow Abubakr we Täjigistan Respublikasynyň “Korhonai kimiýowi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş inženeri Babahanow Saidsultan Täjigistan Respublikasynyň “Korhonai kimiýowi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň himiýa, gurluşyk we tehnologiýa ugrunda alyp barýan işleri we öňdebaryjy tejribeleri barada gürrüň berdiler.

Täjigistan Respublikasynyň “Korhonai kimiýowi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti – himiýa senagatynyň önümçilik kärhanasy hökmünde köp ýyllaryň dowamynda dag-magdan we gurluşyk pudaklary üçin zerur bolan senagat himiki we tehniki maddalary öndürmek, bu tehniki önümleri dünýä bazarlaryna ýerleşdirmek bilen meşgullanýan uly tejribeli kärhanadyr. Kärhanada kompozit we sintetiki himiki maddalardan başga-da, halk köpçüligi üçin zerur bolan polietilen plýonkalar, tikinçilik tehniki önümleri, gurluşyk haltalary, alýumin hem-de plastik gapylar we penjireler öndürilýär.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň wekilleri şu ýylyň 1-nji sentýabrynda “Bilimler we talyp ýaşlar güni” mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen açylyp ulanylmaga berlen täze binalar toplumy, hususan-da, sebitde deňi-taýy bolmadyk bu innowasion bilim şäherçesinde energiýany we suwy tygşytlaýan, ekologiýa arassa we ylmy ugurlar boýunça innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylandygyny tassyklaýan halkara derejesinde ykrar edilen köp sanly sertifikatlaryň alnandygy barada gürrüň berdi.
Duşuşygyň çäklerinde taraplar halkara ylmy-bilim hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň dowamynda gurluşyk, himiýa we ekologik tehnologiýalar ugry boýunça bilelikde halkara taslama işlerini alyp barmak, bilelikdäki häzirki zaman taslamalary durmuşa geçirmek we innowasion tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berildi.
Duşuşygyň jeminde bu görnüşdäki halkara akademiki hyzmatdaşlygyň sanly platformalarynda hem yzygiderli guralmagynyň Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky ylym-bilim hyzmatdaşlygyny we dostlukly gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga uly goşant goşjakdygy bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda Täjigistan Respublikasynyň “Korhonai kimiýowi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory we wekilleri Türkmenistanyň at gazanan arhitektory hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza bu döredilýän giň mümkinçilikleri üçin çäksiz minnetdarlyklaryny we alkyşlaryny aýtdylar. Olar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň belent, ömürleriniň uzak bolmagyny, jемgyýetçilik hem-de döwlet ähmiýetli alyp barýan belent işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.
Amanmyrat Kakaýewiç Arazow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Ylym bölüminiň başlygy